Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriň fakultetleri tarapyndan okuw prosesini talaba laýyk amala aşyrmak üçin resminamalaryň esli toplumyny ýöretmeli bolýar. Olaryň arasynda talyplaryň dersler boýunça sapaklara gatnaşygyny hasaba almak, synag we hasaplar üçin sanawnamalary düzmek, talyplaryň familiýalaryny we atlaryny üýtgetmek boýunça resminamalary taýýarlamak ýaly işler esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýyl-ýyldan talyplaryň sany artýar, dersleriň sany köpelýär, täze hünärler açylýar, resminamalary taýýarlamak üçin birnäçe goşmaça resminamalary düzmek gerek bolýar. Köne usul bilen işlemek örän kyn bolýar. Hödürlenýän programma üpjünçiligi şol kynçylyklary ýeňmek we fakultetiň okuw resminamalarynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek üçin ýeterlikçe serişdeleri hödürleýär:
Öz içine doly familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, okaýan fakultetini we hünärini, ýyllygyny we ş.m. alýan talyplaryň maglumat gory;
Talyplaryň gelmedik sagatlaryny hasaba almak, olaryň düzedilendigini bellige almak we degişli goýberen sagatlarynyň mukdary boýunça filtrlemek mümkinçiligi;
Görkezilen nusga boýunça Microsoft Word resminamasy görnüşinde talyplaryň goýberen sagatlaryna görä degişli buýruklary we gulluk hatlary döretmek mümkinçiligi;
Talyplaryň familiýasy üýtgän ýagdaýynda olary maglumat gorundan tapyp, degişli maglumatlary girip, görkezilen nusga boýunça degişli buýruklaryny taýýarlamak we çap etmek mümkinçiligi;
Degişli maglumat goruny peýdalanmak arkaly, ýeterlikçe derejede awtomatlaşdyrylan ýagdaýda synag, hasap we ýyllyk işi goramak üçin talyplaryň sanawnamalaryny düzmek.
Bu programma goýberilen sagatlary düzetmek boýunça awtomatiki resminamalary çapa çykarmagy, goýberilen sagatlaryň netijesinde islendik görkezilen talyplara çäre görmek üçin buýruk çykarmagy, talyplaryň familiýalaryny we atlaryny üýtgetmek boýunça buýruklary taýýarlamagy, synag we hasap geçirmek üçin sanawnamalary düzmegi, şeýle hem talyplaryň gözlegini we filtrlenmegini amala aşyrar.
Düzülen programma üpjünçiligi islendik ýokary okuw mekdebinde fakultetler tarapyndan ýöredilýän okuw resminamalaryny tiz we takyk taýýarlamak üçin resminamalaryň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek üçin peýdalanylyp bilner.
Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.
Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.