tm en ru
img

Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak

Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak, hünär bilimlerini we endikleri çuňlaşdyrmak, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almak bilen hünär bilimini täzelemek, täze hünärleri, kärleri we derejeleri öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan maksatnamalar esasynda 88 sany ugurlar boýunça okuwlar hereket edýär. Olar: “Burawlamagyň tehnikasy we tehnologiýasy”, “Nebit we gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak”, “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak”, “Tehnik-dozimetrist”, “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy”, “Tehnologiýa proseslerini we önümçiligi awtomatlaşdyrmak”, “Energetika”, “Wodorod energetikasy”, “Nebit we gaz geologiýasynda innowasiýa tehnologiýalarynyň esaslary”, “Senagat howpsuzlygy boýunça işler”, “Nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”, “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” bölümleridir.