Innowasiýa ylmy-okuw merkezi tehnologiki reglamentleri, täze önümiň görnüşine laýyklykda döwlet standartlaryny we tehniki şertlerini, önümçilik kärhanalaryň, guramalaryň, zawodlaryň we fabrikleriň hem-de döwlet we hususy eýeçiligine degişli edaralaryň ekologiýa pasportlaryny işläp düzer. Şeýle hem, ilkinji gezek 2023-nji ýyldan başlap, Türkmenistan döwletimizde Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde 20 ugurlar boýunça ekologiýa howpsuzlyk okuwlaryny gurnaldy. “Ekologiýa howpsuzlygy” okuw maksatnamasy daşky tebigy gurşawyna täsir etmegiň usullaryny, tärlerini ulanmak, ekologiýa töwekgelçiliginiň derejesini peseltmegiň usullaryny teklip etmek ukybyny ösdürmek ýaly wezipelerini öz içine alýar.
