Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde birnäçe hünär taýýarlyk we usuly bilimler berlip, olar dürli görnüşli başlangyç hünär bilimi, şeýle hem umumy orta bilimiň binýadynda jemgyýete peýdaly ugurlary boýunça orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň işgärlerini taýýarlamakda, goşmaça okuw kurslary okatmak işleri alnyp barylýar. Okuwlar häzirki zaman tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan maksatnamalar esasynda 68 sany ugurlar boýunça hereket edýär. Olar: “Sowadyjy we howa ulgamlary”, “Ekologiýa howpsuzlygy”, “Sanly tehnologiýalar we dolandyryş”, “Iňlis dili”, “Rus dili” hem-de hünär okuwlara degişli “Buraw enjamlarynyň maşinisti”, “Nebit we gaz guýularyny burawlaýjynyň kömekçisi”, “Geofiziki we geologiki işleri boýunça dag işçisi”, “Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji”, “Elektromehaniki synaglaryň we ölçegleriň laboranty”, “Kompressor we nasos enjamlarynyň maşynisti”, “Buhgalter hasabaty”, “Telekeçiligiň esaslary” “Nebiti we gazy gaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory”, “Himiki derňewiň laboranty”, “Kätip, kompýuteriň operatory” bölümleridir.
