Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi ekologiýa işleri bilen meşhurlanmak üçin ygtyýarnama aldy.
Ygtyýarnama Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berlip, onda Türkmenistanyň çägind daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak bilen bagly işler, şol sanda howany hapalaýan serişdeleriň goýberilmeginiň möçberini kesgitleýän kadalaşdyryjy namalary işläp düzmek, daşky gurşawa edilýän täsire baha bermek we ekologiýa pasportyny işläp düzmek işleri, şeýle-de suw giňişligine goýberilýän hapalaýjy serişdeleriň möçberini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler ýerine ýetirmäge ygtyýar berilýär. Merkez doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we ödemek ýörelgelerinde hereket edýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary gorap saklamak hem-de olary rejeli peýdalanmak, nebit we gaz önümçiliginiň effektiwligini ýokarlandyryp, daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak ugrunda ulgamlaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Merkeziň esasy maksady ilatyň dürli gatlaklaryny sanly ulgamlary dolandyrmagyň we awtomatizasiýanyň ösüş şertlerinde işe professional taýdan taýýarlamak; başlangyç degişli goşmaça we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrmak; ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylyma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde tejribeleri geçirmek; iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek meseleleri merkeziň esasy ugurlarynyň biridir.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi berlen ygtyýarnama esasynda tehnologiki reglamentleri, täze önümiň görnüşine laýyklykda döwlet standartlaryny we tehniki şertlerini, önümçilik kärhanalaryň, guramalaryň, zawodlaryň we fabrikleriň hem-de döwlet we hususy eýeçiligine degişli edaralaryň ekologiýa pasportlaryny işläp düzer.
Şeýle hem, ilkinji gezek 2023-nji ýyldan başlap, Türkmenistan döwletimizde Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde 20 ugurlar boýunça ekologiýa howpsuzlyk okuwlaryny gurnaldy.
“Ekologiýa howpsuzlygy” kursynyň maksady diňleýjilerde häzirki zaman ylmy taýdan esaslandyrylan ekologik dünýägaraýyşyny we ekologik medeniýetini, hapalaýjy maddalar barada düşünjelerini we bilimlerini bermek, antropogen işiniň zyňyndylaryny daşky gurşaw tarapyndan gaýtadan işlemek mümkinçilikleri barada bilimleri bermek, seýle hem diňleýjilerde bu zyňyndylary daşky gurşawda howpsuz ýerlemeginiň usullary baradaky düşünjeleri ösdürmek bolup durýar.
“Ekologiýa howpsuzlygy” okuw maksatnamasy diňleýjilerde ýüze çykýan dürli görnüşli meseleleri çözmek üçin alan nazary bilimlerini ulanmak endiklerini kemala getirmek, daşky tebigy gurşawyna täsir etmegiň usullaryny, tärlerini ulanmak, ekologiýa töwekgelçiliginiň derejesini peseltmegiň usullaryny teklip etmek ukybyny ösdürmek ýaly wezipelerini öz içine alýar.
Soňky onýyllyklarda dünýäniň nebit we gaz önümçiliginiň yzygiderli ösmegi, uglewodorodlary özleşdirmek we öndürmek üçin täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, tebigy we ýerasty baýlyklary senagatyň zerurlyklary üçin ulanylmagy we adam işjeňliginiň daşky gurşawa ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly daşky gurşawy antropogen täsirden goramak meselesi ýiti boldy. Tebigaty goramak baradaky meseleleriň üstünlikli çözülmegi diňe inžener işgärleriniň ýokary derejeli ekologiýa bilimleriniň we medeniýeti bilen mümkindir. Şonuň üçin önümçilik işleri bilen baglanyşykly bar bolan we täzeden döreýän daşky gurşaw meseleleri, bar bolan önümçilik netijeliligi baradaky pikiri täzeden gözden geçirmäge we baha bermäge, daşky gurşawyň howpsuzlygyny barlamagy we iň esasysy her bir adamda täze ekologiýa pikiriniň döremegini talap edýär. Adamzadyň wezipesi biosferany, atmosferany, ýeriň jümmüşini we ahyrky netijede nebit-gaz önümçilik toplumynyň weýran ediji täsirinden halas etmek üçin işjeň tagalla etmekdir.
Islendik döwletiň ekologiýa syýasatynyň iň möhüm bölegi, dürli derejedäki we dürli pudaklarda ekologiýa meselelerini çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakdyr.