tm en ru
img

TÜRKMEN DILINDE KOMPÝUTER KLAWIATURASYNYŇ SIMULÝATOR PROGRAMMASY

Seredilýän programma kompýuterde hat ýazmak we harplary ýygnamak ukybyny ýokarlandyrmak we barlamak üçin niýetlenendir. Bular ýaly programma Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup durýar.

Programmanyň işi bir topluma jemlenen iki moduldan ybarat. Birinji modul arkaly ulanyjy öz ukybyny bäsleşik esasynda barlap bilýär. Bu modul arkaly uzynlygy 300 harpdan uzyn bolmadyk teksti ýükläp bolýar, eger tekstiň uzynlygy 300 harpdan uzyn bolsa, onda programma awtomatiki ony degişli ölçege çenli gysgaldýar. Ýüklenilen tekstiň harplaryny yzly-yzyna dogry ýazmak bilen ekranda ulanyjynyň hat ýazmak tizligini şekillendirýän Böwenjik gahrymany hereket edýär. Bäsleşigiň 4 görnüşi bar:

- özbaşdak – ulanyjy diňe tizligini barlaýar;

- yzarlamak – saýlanylan tizlik bilen hereket edýän garşydaşdan daşlaşmak arkaly tizligi ýokarlandyrmak;

- bäsleşmek – mundan öň netije görkezen ulanyjylaryň birini maglumat gorundan saýlamak bilen onuň tizligi bilen gönümel bäsleşmek;

- torda işlemek – tor arkaly iki kompýuterde bäsleşmek, bir kompýuter serwer, beýlekisi bolsa müşderi bolup durýar, programma serweriň we müşderiniň işini ýerine ýetirip bilýändir.

Ikinji modul harplary we simwollary toplamak arkaly hat ýazmak ukybyny has gowulandyrmaga ýardam berýär. Türgenleşigiň manysy ekrana ýeke harplaryň ýa-da sözleriň çykmagyndan we olary 1 minudyň dowamynda toplamakdan ybarat. Türgenleşigiň 4 görnüşi bar:

- Diňe milli harplar – ekranda ýeke-ýekeden diňe milli harp simwollar ýazylýar;

- Hemme harplar - ekranda ýeke-ýekeden diňe harp görnüşli simwollar ýazylýar;

- Hemme nyşanlar - ekranda ýeke-ýekeden islendik simwol ýazylýar;

- SÖZLER – ekranda tötänleýin yzygiderlilikde maglumat gorundan alynýan sözler ýazylýar.

Programma hat ýazmakda goýberilen ýalňyşlyklaryň sanyny, 1 minutda ýazylan simwollaryň sany we ş.m. maglumatlary ýatda saklaýar we olary islendik wagtda görmäge we deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.