tm en ru
img

TEST SAHYPALARYNY SELJERÝÄN PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI

Seredilýän işde Delphi programmirleme dilinde döredilen programma üpjünçiligi işlenip düzülen. Işiň awtorlary häzirki wagtda giňden peýdalanylýan testirleme ulgamyny döretmek meselesine ünsi çekýär.

Programma skanirlenen test sahypalaryny seljerýär. Bu test sahypalarynda testiň soragynyň belgisiniň gapdalynda bir setirde 4 sany jogabyň gönüburçluklary ýerleşdirilýär. Teste jogap berýän adam dogry hasaplaýan gönüburçlugyny reňkleýär. Şeýlelik bilen dogry jogaplaryň sanyny kesgitlemek üçin şol reňklenen gönüburçluklary dogry jogaplar bilen deňeşdirmek gerek.

Döredilen programma test sahypalaryny okap, özbaşdak ýagdaýda reňklenen gönüburçluklary kesgitlemegi we olaryň belgilerini taýýar edilen dogry jogaplaryň sanawy bilen deňeşdirip, netijäni aýry faýlda hem-de maglumat gorunda hasabat görnüşinde ýatda saklamagy mümkin edýär.

Programma gönüburçluklary reňklemegiň usulyna we reňkine garaşsyz işleýär we bir test sahypasyny 1 sekundyň dowamynda doly tanamagy mümkin edýär.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.