2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen, Innowasiýa ylmy-okuw merkezi tarapyndan gurnalan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýän Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşige şu ýyl zehinli ýaşlaryň 250-den gowragy gatnaşdy.
Öňki ýyllarda geçirilen bäsleşikler bilen deňeşdirilende gatnaşyjylaryň sanynyň has-da köpelendigini bellemek ýerlikli bolar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýalara bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.
Iki günläp dowam etjek bu bäsleşigiň esasy guramaçy we hemaýatkär bolup Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bolup çykyş etdi. Merkeziň şeýle çäreleri geçirmekde uly tejribe toplandygyny bellemelidiris. Bäsleşigiň meýilnamasyna laýyklykda ýaryşlar 4 ugur boýunça, ýagny Sumo robotlaryň bäsleşigi, Labirint bäsleşigi, Topar taslamalarynyň bäsleşigi, Ak zeminde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi öz içine alýar.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge döredilen şertlet üçin çäksiz alkyşlar beýan edildi. Talyplarynyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabarada “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy bäsleşige gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çeken AnymalX robotynyň görkezme çykyşyny gurady. Bu ýyl geçirilen bäsleşigiň guramaçylygynyň ýokary derejede bolandygy aýratyn bellenmäge mynasyp.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleri hem bu ugurdaky tagallalara goşantdyr.

Bu bäsleşik bilen ugurdaş robotlaryň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň sergisi giňden ýaýbaňlandy. Sergä ýurdumyzyň inžener-tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleri, ýöriteleşdirilen mekdepler we bilim merkezleri gatnaşdy. Sergide hödürlenen öňdebaryjy enjamlar bäsleşige gelen myhmanlarda täsin galdyryjy duýgulary döretmek bilen çäklemän, eýsem olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeltdi.
Ýurdumyzda ýaş zehinleriň arasynda şeýle bäsleşigiň geçirilmegi olaryň ylyma-bilime höwesini has-da artdyrýar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 18-i ýeňijiler diýlip yglan edilip, olara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
