tm en ru
img

REÝESTRIŇ ÖZBAŞDAK REDAKTORY

1) Ulanylýan ýerleri, maksady we ulanylyş mümkinçilikleri: Tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan islendik edara-kärhana. Programmanyň maksady – operasion sistemanyň reýestriniň redaktoryna hüjüm edilende ýa-da ol beklenende goşmaça we alternatiw gural bolup, reýestr arkaly sazlama işleri geçirmekdir. Programma operasion ulgamda gözegçiligi amala aşyrmak hem-de kiberhüjümleriň öňüni almak boýunça çäreleri görmek maksady bilen peýdalanyp bilner.

2) Esasy tehniki häsiýetnamalary: Programma standart Windows goşundysy görnüşinde döredilen. Programma Windows operasion ulgamynyň reýestriniň içindäki maglumatlary açarlaryň agajy görnüşinde açmagy we okamagy hem-de ygtyýarlyga laýyklykda açarlaryň içindäki ýazgylary üýtgetmegi hem-de täzelerini goşmagy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýazgylary redaktirlemek, döretmek hem-de ýok etmek setir maglumatlary bilen işlemek düzgüninde amala aşyrylan. Programma operasion ulgamyň reýestriniň redaktory (regedit) beklenen ýagdaýynda hem ulgama garaşsyz açylýar hem-de reýestriň maglumatlaryny redaktirlemäge mümkinçilik berýär.

3) Programmirleme dili: Delphi.

4) Amala aşyrýan EHM görnüşi: IBM PC bilen kysymdaş kompýuter, Prosessor – i3, 1,70GGs, işjeň ýat – 2Gb, gaty disk – 10 GB.

5) EHM üçin programmanyň göwrümi: 4 633 855 baýt.