tm en ru
img

Okuwa kabul edilen talyplaryň maglumatlaryny işläp taýýarlaýan programma üpjünçiligi

Ulanylýan ýerleri, maksady we ulanylyş mümkinçilikleri: Bilim edaralary, ýokary, orta-hünär, orta okuw mekdepleri. Programmanyň maksady – okuwa kabul edilen talyplaryň maglumatlaryny maglumat goruna ýerleşdirmek hem-de ýokary okuw mekdebiniň görkezilen nusgasy boýunça elektron maglumatyny awtomatik döretmek, işläp taýýarlamak we çap etmek.

Esasy tehniki häsiýetnamalary: Programmastandart Windows goşundysy görnüşinde döredilen. Programmanyň işi birnäçe moduldan ybarat. Bu modular talyp baradaky maglumatlary elde girizmekligi ýa-da okuwa kabul edilen talyplaryň Excel kitabyndaky (*.xls) sanawdan awtomatik ýüklemegi  amal aşyrýarlar. Bu maglumatlar programmanyň MS Access ulgamyndaky maglumat goruna (*.mdb) ýerleşdirilýär. Programma awtomatik ýagdaýda maglumat goruna ýerleşdirilen talyp baradaky maglumatlary görkezilen nusgada MS Word resminama görnüşinde (*.doc) neşire iberip bilýär. Mundan daşary programma gözleg we redaktirleme serişdeleriň toplumyna eýedir, şeýlelik bilen programma toplumy müňlerçe talybyň elektron maglumatynyň ýöredilmegini üpjün edip bilýändir.