tm en ru
img

MEDENI

Bu işde dürli görnüşli medeni çäreleriň esasy maglumatlaryny ykjam tehniki serişdelerinde ulanmak meselesine seredilýär. Geçirilýän medeni çäreleriň ählisini bir bütewilikde özünde jemlejek, olar hakdaky maglumatlary internet ulgamy arkaly islendik wagt, islendik ýerde görmek we tanyşmak mümkinçiliginden peýdalanmak örän amatly bolar.

Biziň taýýarlan programmamyz birnäçe täzelikleri hem-de usullary özünde jemleýär:

·        Medeni çäreler hakdaky umumy maglumatlary bermek hyzmaty.

·        Döwrebap ykjam tehnikalarda işläp bilmek mümkinçiligi.

·        Tapawutlanan programma interfeýsiniň ýeňilligi we elýeterligi.

·        Medeni merkezler üçin ýöriteleşdirilen dolandyryş hyzmaty.

         Medeni programmasy iki programma üpjünçiliginden ybarat bolup durýar. Olar medeni – ýagny ulanyjylar üçin hem-de medeni menejer – dolandyryjylar üçin ýöriteleşdirilen programmalardyr. Bularyň ikisi hem şol bir ulgamda, medeni programmasy boýunça hereket edýär.

Bu programmada ýurdumyzyň häzirki medeni ösüşi, alnyp barylýan işleri halk köpçüligine internet ulgamy arkaly ýetirmek mümkinçiligi döredilendir. Medeni çäreler hakda iň esasy maglumatlar bolan: afişa, çäre görnüşi, çäre ady, petek bahasy, goşmaça maglumatlar, çäräniň senesi, çäräniň wagty, çäräniň geçiriljek binasy, çäräniň geçiriljek binasynyň salgysy we telefon belgiler programmada görkezilýär. Bu maglumatlar medeni merkezler tarapyndan ýörite dolandyryjy programma arkaly goşulýar. 

Bu programma üpjünçiligi Android Studio-da taýýarlanyldy.

Operasion sistemasy: Android platformasy