tm en ru
img

KOMPÝUTER TEHNIKASYNYŇ ÖNDÜRIJILIGINE BAHA BERÝÄN PROGRAMMALAÝYN TOPLUM

Häzirki zaman kompýuterlerde we olaryň içindäki operasion sistemalarda kompýuteriň parametrlerini kesgitlemek üçin (prosesoryň ýygylygy, işjeň we daşky ýadyň ölçegi,  wideo we audio gurluşlar, operasion sistemanyň konfigurasiýasy we ş.m) dürli gurnalan we daşyndan ýüklenen programma serişdeleri bar. Gurnalan programma serişdelerinde (DXDIAG utilitasy, Kompýuteriň häsiýetleriniň penjiresi, Iş meýdanynyň häsiýetleri we başg.) gerekli maglumaty alyp bolýar, emma bu maglumatlar bir ýerde jemlenmedik, olary dürli penjirelerden görmeli bolýar. Standart anyklaýyş usullaryň ýene-de kemçilikleriniň biri – olaryň biri hem türkmen dilinde maglumaty bermeýär. Şeýle hem operasion sistemanyň kompýuteriň öndürijiligine berýän bahasy kompýuteriň iň pes parametrine laýyklykda berilýär, bu bolsa obýektiw bolmaýar. Kompýuter tehnikasynyň ýyl-ýyldan ösmegi sebäpli, onuň parametrleriniň düzümleri hem üýtgäp durýar. Häzirki wagtda kompýuter tehnikasyny düzýän enjamlaryň ählisi birnäçe modifikasiýasyny saklaýar, şol sebäpli kompýuter tehnologiýasy ugrunda hünärmen bolmadyk adam üçin oňa düşünmek örän çylşyrymlydyr. Işiň düzüminde düzülen programma üpjünçilik ilatymyzyň uly bölegi üçin kompýuter tehnikasynyň iň amatly görnüşini saýlap almaga mümkinçilik berer.

Düzülen programma kompýuteriň esasy parametrlerini kesgitlemek bilen, olara belli bir ölçegler boýunça özbaşdak ball berýär, ýagny kompýuter tehnologiýasyna kän bir düşünmeýän adam üçin şol ballyň görkezilmegi belli bir derejede olaryň kompýuteriň hiline dogry baha getirmegine ýardam berer.

Mundan başga hem, kompýuteriň parametrlerine garaşsyz, alternatiw barlag geçirmek mümkinçiligi bar, ýagny programma kompýutere test ýumuşlaryny berýär hem-de kompýuteriň olary haýsy tizlik bilen ýerine ýetirýändigini kesgitläp, öz ballyny berýär.

Döredilen programmany islendik pudakda peýdalanyp bolýar, sebäbi kompýuterler satyn almazdan öň, hödürlenýän programma arkaly olaryň öndürijiligini barlap bolýar.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.