tm en ru
img

KIBERHÜJÜMLERE GARŞY PROGRAMMALAÝYN TOPLUM

Häzirkizaman kompýuter ulgamlarynyň ähli ýerlerde ulanylmagy hem-de ykjam gurluşlardan başlap tä göterilýän kompýuterlere çenli dürli serişdeleriň üsti bilen aragatnaşygy amala aşyrmak ýa-da özara baglaşmak ukyby döwlet we döwlet däl edaralary üçin köp gowşaklyklary we mümkin bolan howp wektorlaryny döredýändir. Bu gowşaklyklaryň ulanylmagy içalylyk, buýruk beriji we dolandyryş obýektleriň netijeliliginiň peselmegi, intellektual eýeçiliginiň we şahsy häsiýetli duýgur maglumatyň ogurlanmagy, wajyp hyzmatlaryň berilmeginiň we örän wajyp infrastrukturanyň işlemeginiň bozulmagy ýa-da ykdysadyýet we senagata zeper ýetilmegi ýaly bilkastlaýyn işleriň üsti bilen milli howpsuzlyga uly ýaramaz netijelere getirmegi mümkin. Hödürlenýän programma üpjünçiligi şol kynçylyklary ýeňmek we kompýuterde alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek hem-de zerurlyk ýüze çykanda goraýyş boýunça ýeterlikçe serişdeleri hödürleýär:

- Kompýuterde işläp duran programmalaryň sanawyny çykarmak we olaryň islendigini tamamlamak;

- Ulgama garaşsyz ýagdaýda ulgamlaýyn reýestri okamak we ulgam bilen bilelikde awtomatik ýüklenýän programmalaryň sanawyny sazlamak;

- Görkezilen programmalara ulgamda ýüklenmäge rugsat bermek we gadagan etmek üçin utilitany goýbermek;

- Ekrany we ulgama girmek mümkinçiligini fleş ýady arkaly goramak;

- Wirtual diskleri döretmek we olaryň içinde parol arkaly zerur maglumatlary saklamak we şifrlemek.

Ýokarda sanalyp geçilen mümkinçilikler kompýuter ulgamynda kiberhüjümleriň belli bir görnüşlerine göreşmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Düzülen programma islendik döwlet edarasynda we hususy kärhanada ulanyjylar tarapyndan öz kompýuter ulgamyny daşky howplardan goramak üçin ulanylyp bilner.

Programma Delphi obýekte gönükdirilen programmirleme dilinde işlenip düzüldi.

Operasion sistemasy: Windows XP, Windows Vista (32x, 64x), Windows Seven (32x, 64x), Windows 8 (32x, 64x), Windows 10.