tm en ru
img

Opening of a new laboratory for refrigeration and climate systems

Türkmenistan döwletimiz dünýäde ozon gatlagyny dargadyjy maddalary we kömürturşy gazlary azaldýan halkara daşky gurşawy goraýan Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna hem-de Ozon dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler guramasynyň senagaty ösdürmek guramasy UNIDO-nyň Aşgabatdaky guramasynyň Ozon ofisy bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň garamagynda “Sowadyjy we howa ulgamlary” tejribehanasyny hemaýatkärlik höküminde muzdsuz şerti bilen 2023-nji ýylyň 28-nji martynda döredildi. Taslamanyň esasy maksady, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasynda taýýarlanan okuw-türgenleşik enjamlaryň kömegi bilen ýurdumyzda sowadyjy we howa ulgamlary ugrunda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak, hem-de bu ulgamy geljekde sertifikatlaşdyrmak. Bu tejribehana dünýä ülňülerine doly laýyk gelip, ol ýurdumyzyň sowadyjy we howa ulgamlary ugrunda işleýän hünärmenler üçin uly goldaw bolar. Tejribehananyň üsti bilen merkeziň tejribe we okuw maksatnamasy esasynda sowadyjy we howa ulgamlary ugrundan raýatlara okuw okatmak niýetlenýär. Bu ugurda okuwlar ýurdumyzda ilkinji gezek gurnalýandygy sebäpli, olary üstünlikli tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnamalar berler.     

Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde döredilen “Sowadyjy we howa ulgamlary” tejribehanasy okuw meýilnamasyna laýyklykda 8 sany ugur boýunça hereket eder. Olar:

1.    Sowadyjy we howa ulgamlaryny gurnamak, abatlamak we olara hyzmat etmek;

2.    Sowadyjy ulgamlaryny gurnamak , ulanmak we bejermek;

3.    Tebigy sowadyjy jisimlerde işleýän sowadyjy enjamlaryna ideg we tehniki hyzmat etmek;

4.    Kondisionirlemegiň ýokary netijeli VRF we VRV ulgamlaryny gurnamak we olara hyzmat etmek;

5.    Kondisionirlemegiň we howa çalşygy ulgamlaryna ideg we tehniki hyzmat etmek;

6.    Kondisionirlemegiň we howa çalşygynyň  hojalyk, ýarym senagat we senagat ulgamlaryny gurnamak;

7.    Sowadyjy jisimlerini ýygnamagyň we gözegçiligiň ulgamy, olary dikeltmek we ýok etmek;

8.    Kondisionirleme we howa çalşygy ulgamlarynyň häzirki zaman taslamagyň  esaslary.